«Kids Expo Chess Cup 2026» halkara ýaryşynda türkmenistaanly ýaş küştçiler 24 medal gazandylar
Paýtagtymyz Aşgabatda kadetleriň arasynda rapid we blis boýunça «Kids Expo Chess Cup 2026» halkara ýaryşy tamamlandy. Iki günüň dowamynda 8 ýurtdan — Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen ýaş küştçüleriň 94-si alty dereje rapid boýunça ýedi tapgyrda, blis boýunça bolsa dokuz tapgyrda güýç synaşdylar.
Ýaryş FIDE-niň düzgünlerine görä, halkara reýtingini hasaba almak bilen şahsy tertipde geçirildi. Jemi 12 sany medallar toplumy — 36 medal ugrunda bäsleşildi.
Türkmenistanyň ýygyndy topary 24 medal (7 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç) gazanyp, medallaryň sany boýunça birinji orny eýeledi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!