| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 08.08.2026, 15:11 10

Türkiýede ýokary okuwy tamamlan uçurymlar! Ýaşamak rugsady 2 ýyla çenli uzaldyldy

Türkiýede ýokary okuwy tamamlan uçurymlar! Ýaşamak rugsady 2 ýyla çenli uzaldyldy

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary Bilim Geňeşi daşary ýurtly uçurymlaryň gysga möhletli ýaşamak rugsady bilen bagly möhüm resmi haty çap etdi.

Bu täze düzgün bilen, Türkiýede ýokary okuwyny tamamlan halkara uçurymlaryna ýaşamak rugsadyny goşmaça 1 ýyl uzaltmak mümkinçiligi döredildi.

Resmi hatda bellenilişine görä, Türkiýede ýokary okuwyny tamamlan we okuwy gutaran senesinden başlap 6 aýyň dowamynda ýüz tutan daşary ýurtlylar üçin ozal bir gezek berilýän 1 ýyllyk gysga möhletli ýaşamak rugsady, degişli şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda goşmaça 1 ýyl uzaldylyp bilner.

Şeýlelik bilen umumy ýaşamak rugsadynyň möhleti 2 ýyla çenli ýetiriler.

Täze düzgün häzirki wagtda 1 ýyllyk gysga möhletli ýaşamak rugsadyna eýe bolan daşary ýurtly uçurymlara hem degişli bolar.

Olar rugsadyň möhleti dowam edýän wagtynda ýa-da onuň möhleti gutarandan soň 90 günüň dowamynda gaýtadan ýüz tutup, beýleki kanuny şertleri hem ýerine ýetiren ýagdaýlarynda goşmaça 1 ýyllyk ýaşamak rugsadyny almak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!