| Ashgabat | 36°C
Bildiriş 18.08.2026, 23:55 5

Esenguly etrabynda işe ýerleşmek mümkinçiligi

Esenguly etrabynda işe ýerleşmek mümkinçiligi

Şu ýylyň 27-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan –12:00-a çenli geçiriler.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

(800245) 3-20-78;
(800245) 3-30-27.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!