| Ashgabat | 37°C
Bilim 25.08.2026, 18:27 4

Şweýsariýada döwlet talyp hakly okamak mümkinçiligi

Şweýsariýada döwlet talyp hakly okamak mümkinçiligi

Türkmenistanly ýaşlara Şweýsariýanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ylmy barlaglar geçirmek ýa-da dokturanturada okamak boýunça ýeňilliklere eýe bolmak mümkinçiligi hödürlenilýär. Ýur­duň hökümeti 2027–2028-nji okuw ýyly üçin döwlet talyp haklaryna resminamalaryň kabul edip başlanandygyny mälim etdi.

Dalaşgärler degişli talaplara laýyk gelmelidirler. Ýagny olaryň magistr diplomy ýa-da oňa deňeşdirilen hünär derejesi bolmaly. Şeýle-de 1991-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan bolmaly we ylmy barlag meýilnamasyny öňünden ylalaşmaly. Şweýsariýadaky ylmy ýolbaşçydan resmi goldaw hatyny almak hem talap edilýär.

Ylmy barlag tejribeçilikleri 6 — 12 aýa çenli möhletden ybarat bolsa, dokturantura ýeňillikleri bir ýyl möhlet üçin niýetlenendir. Bu ýeňillik aýlyk eklenç puly, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy, ýaşaýyş jaý kärendesi we ýol harajatlary meselelerde çykdajylaryň bir böleginiň öwezini dolmagy özünde jemleýär.

Resminamalary elektron görnüşinde şu ýylyň 27-nji noýabryna çenli tabşyryp bolýar. Giňişleýin maglumatlary maksatnamanyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!