| Ashgabat | 39°C
Jemgyýet 15.08.2026, 17:06 4

Ýurdumyzda haýwanlary ýurda getirmegi we ýurtdan alyp gitmegi düzgünleşdirýän resminama tassyklanyldy

Ýurdumyzda haýwanlary ýurda getirmegi we ýurtdan alyp gitmegi düzgünleşdirýän resminama tassyklanyldy

Türkmenistanda Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini, olaryň böleklerini we ondan öndürilen önümlerini, şol sanda seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň derejesine degişli edilen görnüşlerini getirmegiň we äkitmegiň tertibi tassyklandy. Degişli tertip Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 140-Ö belgili buýrugy esasynda tassyklanyldy.

Resminamada bellenilişine görä, haýwanlary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäginden daşyna alyp gitmegiň maksady şulardan ybaratdyr:

  1. ylmy-barlag işlerini geçirmek;
  2. halkara sergilerine, ýarmarkalaryna gatnaşmak;
  3. haýwanat baglarynyň arasynda (şol sanda seýrek görnüşler boýunça) alyş-çalyş etmek;
  4. şahsy maksatlar (öýde saklamak).

Şol bir wagtyň özüne haýwanlar Türkmenistana getirilende we onuň çäginden daşyna alyp gidilende ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan weterinariýa-sanitariýa howpsuzlygy, düzgünleri, kadalary, gigiýena ölçegleri berjaý edilmelidir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!