| Ashgabat | 36°C
Medeniýet 26.08.2026, 18:14 4

Türkmenistanda teatr möwsümi açylar

Türkmenistanda teatr möwsümi açylar

29-njy awgustda ýurdumyzyň öňdebaryjy teatr toparlarynyň täze döredijilik möwsümi açylar. Öňümizdäki teatr senenamasynyň täsirli we giň göwrümli wakalara baý bolmagyna garaşylýar.

Möwsümiň açylan güni, ýagny, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry «Ömür daragty», Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Söýgi duralgasy», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Дюймовочка» (Barmakgyz), Türkmen döwlet gurjak teatry «Asmandan inen ykbal» atly sahna eserleri sahnalaşdyrar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!