| Ashgabat | 30°C
Bilim 21.08.2026, 18:56 5

Türkmenistanda ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi

Türkmenistanda ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly we adalatly geçirildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçirildi.

Talyp bolan zehinli ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplanlar, döwletiň howandarlygyndakylar hem bar.

Şu ýyl hünärmen maksatnamasy boýunça 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4, magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry açyldy hem-de olara ilkinji talyplardyr magistrantlar okuwa kabul edildi.

Umuman, ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!