Amerikada kosmosa uçuşyň sanyny ýylda 1000-e ýetiriler
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň kosmos uçuşlarynyň we gonuşlarynyň sanyny 2030-njy ýyla çenli ýylda 1000-den hem artdyrmagy göz öňünde tutýan memoranduma gol çekdi. Häzirki wagtda amerikan kosmos pudagy her ýyl ortaça 200-den gowrak uçuşy amala aşyrýar.
Resminama kosmos ulag infrastrukturasynyň ösüşini çaltlandyrmagy hem-de döwletiň hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem administrasiýa býurokratik bökdençlikleri azaltmagy, uçuşlary geçirmäge we gerekli infrastrukturany gurmaga rugsatnamalary bermegi tizleşdirmegi niýet edinýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!