| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 10.08.2026, 20:07 1

Gazagystanyň mekdeplerinde birinji synpdan emeli aň öwrenilip başlanar

Gazagystanyň mekdeplerinde birinji synpdan emeli aň öwrenilip başlanar

Gazagystanyň mekdeplerinde täze okuw ýylynda çagalara birinji synpdan başlap emeli aň öwrediler.

Başlangyç synplarda okadylýan "Sanly sowatlylyk" dersiniň ady "Sanly sowatlylyk we emeli aň", bäşinji synpdan başlap öwredilýän “Kompýuter ylymlary” dersiniň ady bolsa "Kompýuter ylymlary we emeli aň" diýlip üýtgediler.

Maglumatlara görä, mekdep okuwçylaryna diňe bir emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň usulyýeti däl, eýsem, ony "aňly-düşünjeli, netijeli we jogapkärçilikli" ýagdaýda peýdalanmak öwrediler.

Maksatnama mediasowatlylyk, sanly howpsuzlyk, şahsy maglumatlary goramak, kompýuter pikirlenişi, programmirleme we emeli aňyň gündelik durmuşda ulanylyşy ýaly temalary öz içine alar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!