| Ashgabat | 32°C
Dünýaden 30.08.2026, 14:20 2

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda maslahat geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky, halkyň jebisligini berkitmekdäki, umumydöwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdaky hem-de milli ösüşiň strategik ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekdäki möhüm orny nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjyna aýratyn üns berildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş eden degişli Kararnamasynyň Türkmenistanyň halkara kanunylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda dialog we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny görkezýändigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!