Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda, Hindistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
Onuň dowamynda Ilçi Ş.Geldynazarow çykyş edip, 2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli çäreler barada gürrüň berdi. Şu nukdaýnazardan, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi.
Maslahata gatnaşanlara, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bilen tanyşdyryldy.
Kararnama 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi we bu başlangyjyň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň üstünligi hökmünde bellenildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!