| Ashgabat | 30°C
Syýasat 21.08.2026, 18:39 6

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolup durýandygy bellenildi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň geçirilmeginiň we Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!