Oguzhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 11-nji sentýabrda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýär.
Çäre Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary köçesiniň 52-nji jaýynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
800 559 6-58-78
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!