«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda Hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan tassyklanylan döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň degişli edaralarynyň alyp barýan işleri barada-da maglumat berildi. Şeýle-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekillerine söz berildi.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Hazar deňzi dostlugyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň, ylalaşygyň deňzi bolmak bilen, sebit ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini, taryhy gatnaşyklaryny baglanyşdyrýar. Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!