Mary welaýatynyň Murgap etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 1-nji sentýabrynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çäre Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýynda sagat 09:00-dan 11:00 aralykda geçiriler.
Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.
800 565 4-51-94
800 565 4-51-95
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!