| Ashgabat | 31°C
Syýasat 16.08.2026, 14:43 1

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge iki doganlyk halklaryň ygrarlydyklaryny tassykladylar. Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere hem seretdiler.

Şunda taraplar söwda gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen nygtadylar we haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!