Gazagystanda daşary ýurtlulara ýurda giriş üçin elektron rugsatnama hökmany bolar
Gazagystana girmek üçin elektron rugsatnama ähli daşary ýurtly raýatlar, şol sanda aýratyn ýeňillikden peýdalanýan Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlaryndan gelýänler üçin hökmany bolar. Rugsatnamany girişden öň 72 sagatdan gijä galman «QazETA» goşundysy arkaly resmileşdirmeli. Rugsatnama 180 günüň dowamynda güýjüni saklar.
Häzirki wagtda Gazagystana girmegiň kadalaryny düzgünleşdirýän hökümet karary döwlet edaralary bilen ylalaşylýar. Elektron rugsatnamany resmileşdirmek ilkibaşda mugt bolar, ýöne geljekde onuň üçin töleg girizmek meýilleşdirilýär. Bu elektron rugsatnama tapgyrlaýyn görnüşde ornaşdyrylar: 1-nji sentýabrdan, 1-nji fewraldan we 1-nji iýuldan başlap, yzygiderli tertipde iri aeroportlarda, soň awtomobil we demirýol gözegçilik-geçiriş nokatlarynda güýje girer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!