| Ashgabat | 38°C
Ykdysadyýet 10.08.2026, 14:09 1

Hazar deňzinde täze tebigy gaz akymy alyndy

Hazar deňzinde täze tebigy gaz akymy alyndy

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-1» şertnamalaýyn çägindäki «Magtymguly» gaz känindäki A8 belgili ulanyş guýusy 4 müň 981 metr çuňlukda üstünlikli burawlanyp, ýerastynda geçirilen ýokary hilli işleriň netijesinde bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy.

Häzirki wagtda guýyny başlangyç tapgyrda özleşdirmek işleri dowam edip, geljekde alynýan önümiň möçberiniň has-da artmagyna garaşylýar. Bu iri üstünlik Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamasy esasynda alnyp barylýan işleriň netijesidir.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça hem giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçiriler. Şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!