Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda tegelek stol geçirildi
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Tegelek stola türkmen diasporasynyň wekilleri, «Magtymguly adyndaky» we «Gülistan ykdysady» žurnallarynyň, «Ülkämiz» we «Sedaýe Gonbad» habarlar gulluklarynyň wekilleri, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi.
Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Çykyşlarda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň halkara hukugyny berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem konstruktiw we deňhukukly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!