Duşenbede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, professor-mugallymlar, Täjigistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar hem-de Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylara Halk Maslahatynyň alyp barýan işi, onuň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy ulgamyndaky orny we döwlet ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemekdäki möhüm ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy giňişleýin beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutarda saz eserleri ýerine ýetirildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!