| Ashgabat | 36°C
Syýasat 31.08.2026, 18:31 5

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, şu ýylyň dowamynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişlik dabarasy hem geçirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!