| Ashgabat | 40°C
Syýasat 29.08.2026, 17:44 6

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler

Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, onuň kiçi düzümdäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol döwletleriň çäklerinde halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny, şeýle hem geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Giňişleýin düzümdäki bölümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023–2026-njy ýyllardaky işi hem-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Bu barada 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!