| Ashgabat | 39°C
Bilim 14.08.2026, 16:00 4

Türkmen talyby Germaniýada dil okuwyny geçmek üçin granta eýe boldy

Türkmen talyby Germaniýada dil okuwyny geçmek üçin granta eýe boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) grantyna mynasyp bolup, Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän halkara «Hochschulsommerkurse» maksatnamasynyň çäklerinde nemes diliniň intensiw okuwyny geçmäge mümkinçilik aldy.

Dil taýýarlygy bilen bir hatarda, maksatnama Germaniýanyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny, ykdysady üstünliklerini we durmuş ulgamyny öz içine alýan ýurt öwreniş dersleriniň toplumlaýyn öwrenilmegini hem göz öňünde tutýar. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde ýurduň taryhy merkezlerine we şäherlerine gyzykly gezelençler guralýar, muzeýlere, medeni we aň-bilim edaralaryna barylýar. Bu bolsa gatnaşyjylara Germaniýanyň däp-dessurlary we ýerli ilatyň gündelik durmuşy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl maksatnama dünýäniň 150-ä golaý ýurdundan ýaş zehinleri bir ýere jemledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!