Türkmen oba hojalyk instituty pedagogik işgärleri işe kabul edýär
Türkmen oba hojalyk instituty 2026–2027-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarymýyllygynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär.
Dalaşgärler iňlis we rus dilleriniň mugallymy, agroekolog, weterinar lukmany, programmaçy-inžener hem-de inžener-mehanik ugurlary boýunça işlemeli bolarlar.
Bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmaly bolarlar:
- rektoryň adyna ýazylan arza;
- ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy;
- hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy;
- soňky iş ýerinden häsiýetnama;
- şahsy iş kagyzy;
- zähmet depderçesiniň nusgasy;
- pasportyň nusgasy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!