| Ashgabat | 14°C
Sport 17.08.2026, 15:38 6

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda 10 medal gazandylar

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda 10 medal gazandylar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda 10 medal gazandylar.

Ýagny türkmen türgenleri ýetginjekleriň arasynda 1 altyn, 4 kümüş, jemi 5 medala, ýaşlaryň arasynda bolsa 2 kümüş we 3 bürünç, jemi 5 medala mynasyp boldular. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýygyndysy medallaryň umumy hasabynda ýetginjekleriň arasynda 9-njy, ýaşlaryň arasynda 10-njy ýeri eýeledi.

Ýeri gelende agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatyna 29 ýurtdan 300-den gowrak türgeniň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!