Türkmen talyplary Malaýziýada tomusky tejribelik geçýärler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki Malaýýa uniwersitetinde 19-njy iýulyndan 15-nji awgust aralygynda tomusky intensiw okuw maksatnamasyna gatnaşýar.
Talyplar saparyň dowamynda ýöriteleşdirilen leksiýalara we seminarlara gatnaşýarlar, halkara duşuşyklaryň çäklerinde öz ýurtlarynyň medeniýetini tanyşdyrýarlar.
Bu maksatnama talyplara hünär dünýägaraýşyny giňeltmäge, daşary ýurt akademiki gurşawynda tejribe toplamaga we häzirki zaman halkara taslamalarynda işlemäge zerur bolan amaly başarnyklary edinmäge mümkinçilik berýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!