Türkmen wekiliýeti Kaşkadarýada geçirilen V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýyna gatnaşdylar
Kaşkadarýa welaýatynyň Şahrisabz etrabynda «Ýaşlar — geljegiň binagärleri» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy geçirildi. Kaşkadarýa welaýatynyň Şahrisabz etrabynda «Ýaşlar — geljegiň binagärleri» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy geçirildi.
Giň gerimli forum Özbegistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Russiýadan we Belarusdan 1000-e golaý ýaş ekologiýa işjeňleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaşlary daşky gurşawy goramaga çekmek we ekologik meseleleriň çözgütlerini gözlemekde olaryň tagallalaryny birleşdirmekden ybarat boldy.
Gurultaýyň maksatnamasy baý mazmunly we amaly çärelerden ybarat boldy. Ýaş ekologlar ýöriteleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, çäkleri arassalamak boýunça ekologik çärelere, tanyşdyryşlara we bilermenler bilen duşuşyklara gatnaşdylar. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde «Iň gowy ekologik taslama», «Eko-zakowat» we KWN atly halkara bäsleşikler geçirildi.
Gurultaý tejribe alyşmak we tebigaty goramak ulgamynda geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!