Ýurdumyz Finlýandiýa bilen sanly özgertme babatda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň "Merkezi Aziýada sanly aragatnaşyk" (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäginde Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde okuw saparynda bolýarlar.
Bu çäre sanly transformasiýa, aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastruktura babatda tejribe alyşmagy we halkara hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär. Taslama Laurea amaly ylymlar uniwersiteti tarapyndan Finlýandiýanyň Döwlet dolandyryş instituty (HAUS) bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Saparyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew taslamanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we bilim, ylmy-barlag ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň möhüm netijesi taslamanyň bir bölegini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!