| Ashgabat | 35°C
Ykdysadyýet 11.08.2026, 18:55 4

«Türkmengaz» we «Afghan Gas» özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

«Türkmengaz» we «Afghan Gas» özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Gol çekişmek dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň Owganystana iş saparynyň dowamynda amala aşyryldy.

Bu resminama Türkmenistan bilen Owganystanyň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar.

Ähtnamada taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!