| Ashgabat | 38°C
Medeniýet 24.08.2026, 14:55 4

«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş bagşy-sazandalaryň bäsleşigine tomaşa etmäge medeniýet we sungat ulgamynyň köp sanly işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy.

Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Netijede bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-si ýeňiji hökmünde yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!