Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi.
Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!