| Ashgabat | 40°C
Syýasat 29.08.2026, 08:18 6

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär. Mejlisiň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolandyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada-da aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, onuň kiçi düzümdäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol döwletleriň çäklerinde halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny, geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Giňişleýin düzümdäki bölümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023–2026-njy ýyllardaky işi hem-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary bilen bagly meselelere garamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Hususan-da, sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijilerini we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Wise-premýer welaýatlarda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi Türkmenistanyň Prezidentinden haýyş etdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Wise-premýer ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak we pagta ýygymy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bu möwsümleri «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji ulgamlarda hem-de beketlerde degişli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide ýurdumyzda alnyp barylýan işleri we gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň, döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň hem-de teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň we «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçiriler. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti guralar.

Şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş we konsert, Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026–2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçiriler. Sapaklarda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Garaşsyz Watanymyzyň 35 ýylda ýeten sepgitleri hem-de ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berler.

Ýurdumyzdaky 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat hökmünde «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär.

Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagynyň, Lebap welaýatynda bolsa hersi 1 müň orunlyk iki orta mekdebiň açylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça biraýlyk çärelere görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Bu çäreleriň esasy maksady paýtagtymyzda we welaýatlarda ulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmakdan, pyýadalaryň hem-de sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýändigini we onuň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nobatdaky çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň awgust aýynda zähmet rugsady döwründe dynç almagyna, şeýle hem öňde boljak möhüm çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny işjeň ilerletmek, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen BMG tarapyndan bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi aýdyldy.

Bu iri halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygynyň we Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda eýeleýän işjeň ornunyň aýdyň beýany boldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalar, aýratyn-da Awaza syýasy Jarnamasy hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek onýyllykdaky durnukly ösüşini üpjün etmek, olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek, dünýä söwda ulgamyna has işjeň goşulyşmagyny we sanly-tehnologik ösüşini höweslendirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm halkara binýady emele getirdi.

Maslahatyň netijelerini milli derejede yzygiderli amala aşyrmak hem-de Türkmenistanyň maslahaty kabul eden döwlet hökmünde onuň netijeleriniň halkara derejesinde ilerledilmegine goşandyny dowam etdirmek maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň”» taslamasy taýýarlanyldy.

«Ýol kartasynyň» taslamasynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler alty esasy ugry özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň BMG bilen yzygiderli we ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky teklipleri goldap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ugurda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti milli demir ýol ulagyny ösdürmek we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden belleniljekdigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçe sanysynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi. Baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmelidigi aýdyldy.

«Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini we ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşmesi: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!