«Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Baş Bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahat geçirildi.
Bu çärede geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetini giňişleýin düşündirmekde, halk köpçüligine ýetirmekde çuňňur manyly çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň iň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, halkymyzyň jebisligini, döwletimiziň berkararlygyny, milli demokratiýany dabaralandyrýar.
Halk Maslahaty milli demokratik däplerimiziň asyrlaryň dowamynda synagdan geçen tejribesiniň häzirki zaman nusgadyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!