| Ashgabat | 31°C
Syýasat 16.08.2026, 17:51 1

Ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeleri boldy

Ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeleri boldy

Aşgabatda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça işjeň pikirler alşyldy, iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine seredildi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeltmek babatda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň maksadalaýykdygyny bellediler.

Diplomatlar iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini tassykladylar. Şunlukda, taraplar daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny guramak ugrunda işlemegi ylalaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!