Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar deňziniň ekologik meselelerine bagyşlanan döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna aýratyn üns berildi.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!