| Ashgabat | 31°C
Syýasat 16.08.2026, 15:47 1

Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeligini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygyň, asudalygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýeti tassyklanyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!