«Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik geçirilýär
Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň talyp ýaşlaryň publisistik çykyşlaryny işjeňleşdirmek, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipelerini öz içine alýar.
Bäsleşigi geçirmek degişli ýokary okuw mekdeplerine hat ibermek esasynda we institutyň resmi saýtynda ýörite bildirişi ýerleşdirmek arkaly mälim edilýär.
Bäsleşige gatnaşyjy talybyň makalasy we olar baradaky maglumaty beýan edýän resmi hat Türkmen döwlet maliýe institutyna ugradylmaly (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebiniň ady, hünäri ýa-da taýýarlyk ugry, ýyly, telefon belgisi we makalasynyň ady).
Bäsleşige öň hiç ýerde neşir edilmedik, 1 awtor (talyp) tarapyndan ýazylan makala «Garaşsyzlyk – bagtymyz» diýen ýazgy bilen kabul edilýär.
Makalanyň möçberi 2-5 sahypa bolmaly, elektron görnüşini Word formatynda (doc we docx giňeltmesi bilen), setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14-lik ölçegde institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygyna 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne çenli gowşurmaly.
Makalanyň adynyň ýokarsynda sag tarapdan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly bäsleşige» diýen goýy gara bilen ýazylan ýazgy bolmaly.
Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 2-den köp bolmadyk talybyň makalasy şu ýylyň 21-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň jemleri 25-nji sentýabrda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler bäsleşik tamamlanandan soňra eminler toparynyň agzalary tarapyndan saýlanylar we Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň jemi boýunça I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar institutyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.
Maglumatlary ýollamak üçin info@tdmai.edu.tm elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.
Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
Tel: +99361663606
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!