Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebejini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Ilçi bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!