Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimisu Moteginiň ýurdumyza saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ugurlaryna üns çekildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!