| Ashgabat | 37°C
Syýasat 21.08.2026, 10:18 5

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

20-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!