| Ashgabat | 35°C
Syýasat 22.08.2026, 08:43 5

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutanyna Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän merkeziň gurluşyk işleriniň gidişi, bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berildi. Şeýle hem merkeziň baş meýilnamasy, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglar, mejlisler zaly, çagalar üçin oýun meýdançasy we beýleki ugurdaş desgalaryň taslamalary görkezildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän merkez 5 gatdan ybarat bolup, 3 ýaşdan ýokary çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkeziň lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini göz öňünde tutup, onuň otaglarynda ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem merkeziň işinde halkara tejribeden peýdalanmak we lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň mümkinçiliklerini hem-de sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak, merkeziň enjamlaryny rejeli we uzak möhletleýin peýdalanmak hem-de lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmekleri boýunça zerur işleri ýerine ýetirmelidiklerini belledi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny tabşyrdy hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!