| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 09.08.2026, 15:54 1

Türkmenistanyň wekili Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 7-nji awgustda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň 94-nji mejlisine gatnaşdy.

Oňa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew bilen bir hatarda, Täjigistan Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma, Gazagystan Respublikasynyň suw serişdeleri we suwarmak ministri Nuržan Nuržigitow hem-de Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy ministri Şawkat Hamraýew gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň teklipleri we başlangyçlarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.

Şeýle-de gatnaşyjylar Syrderýa derýasynyň basseýninde suw serişdeleriniň awtomatlaşdyrylan hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak baradaky Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar bu resminamanyň taýýarlanmagyny goldadylar. Şu ýylyň sentýabr aýyna çenli bu meselä seretmek üçin ýörite iş toparyny döretmek hakynda karara gelindi.

Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky 95-nji mejlisi Türkmenistanda geçiriler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!