Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy elektron nobat ulgamyna geçer
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýylyň 7-nji awgustyndan başlap, konsullyk gullugyna ýüz tutýan raýatlar üçin elektron nobat ulgamyna geçýär.
Bu täze tertip wizany resmileşdirmek, hukuk bozulmalary barada kepilnama almak hem-de resminamalary kanunlaşdyrmak üçin resminama tabşyrýan raýatlara degişlidir.
Munuň üçin raýatlar Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynyň baş sahypasynda ýerleşdirilen baglanyşykdan peýdalanmaly bolarlar.
Elektron nobat ulgamy arkaly konsullyk hyzmatlary üçin kabul edilişe ýazylmak şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlanar.
Şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli raýatlaryň konsullyk gullugyna ýazylmagy öňki tertipde dowam eder.
Şol senä çenli kabul edişlige +993 12 48 29 27 telefon belgisi arkaly hepdäniň duşenbe gününden anna gününe çenli, sagat 11:00-dan 13:00-a çenli ýazylyp bolýar.
Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Elektron nobata ýazylmak üçin ilçihananyň resmi saýtynyň baş sahypasyndaky degişli salgydan peýdalanmaly.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!