| Ashgabat | 14°C
Dünýaden 17.08.2026, 15:26 4

Türkmenistanyň Ilçisi Y.Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Y.Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Ýakynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sporty boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek halkara çäreleriň işine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine çakylyk haty gowşuryldy.

Eýran tarapy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bilelikdäki atçylyk ýaryşlarynyň Türkmenistanda we Eýranda guramak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!