Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramow Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde bu şäherleriň atom bombalanmagynyň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy.
Agzalan çärelere Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň Ýokarky palatasynyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çärelerde edilen çykyşlarda ýapon tarapy ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna ýol bermezligiň hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak babatda halkara tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Çäreleriň dowamynda Ilçi bu ýapon şäherleriniň bombalanmagy netijesinde wepat bolanlaryň ýadygärliklerine gül goýdy we hatyrasyny hormatlady.
Saparynyň çäklerinde Ilçi A. Baýramow Hirosima we Nagasaki şäherleriniň we prefekturalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Ilçi ýapon tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada habarly etdi.
Şeýle-de, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyç esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny pugtalandyrmaga ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!