| Ashgabat | 35°C
Bilim 22.08.2026, 13:52 4

«Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi

«Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi
Фото: https://bilim.gov.tm/

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddiniň hem-de «Petronas Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalaray bilen duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda Malaýziýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi bilim we hünär taýýarlygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, täze bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm şert döreder.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!