«VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» çap edildi
Ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» atly okuw gollanmasy çap edildi.
Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi mugallymyň ussatlyk bilen sapagy döredijilikli guraýşyna gönüden-göni baglydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky çykaran 2006-njy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini has-da ýokarlandyrmakdan, usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr.
Çap edilen okuw gollanmasy fizika sapagynda geçilýän temalaryň okuwçylara has düşnükli we özüne çekiji bolmagyna, mugallymyň sapagy döredijilikli guramagyna we geçirmegine ýardam berer.
Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!