| Ashgabat | 37°C
Ykdysadyýet 25.08.2026, 13:07 3

Oba hojalyk pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Oba hojalyk pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

«Arçabil» myhmanhanasynda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde guraldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar agrosenagat toplumyny innowasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, pagtaçylyk hem-de çig maly gaýtadan işlemek, tohumçylyk, seçgi, ekologiýa we suwy tygşytlamak meselelerini maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda bilermenleriň we oba hojalyk hünärmenleriniň özara saparlaryny yzygiderli guramaga aýratyn üns berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!