| Ashgabat | 34°C
Bilim 23.08.2026, 14:13 1

Ýurdumyzdan talyplaryň 90-sy Malaýziýada tomusky okuw tejribeligini geçdiler

Ýurdumyzdan talyplaryň 90-sy Malaýziýada tomusky okuw tejribeligini geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň, onuň «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» şahamçasynyň hem-de PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk boldy.

Duşuşykda hereket edýän Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmek we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen talyplarynyň 90 töweregi Malaýziýada tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler, 14 mugallym Malaýziýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrdy, 200 töweregi talyp bolsa ýöriteleşdirilen sanly ulgam arkaly nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça okady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!