Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylaryna bildiriş!
Köýtendag etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Köýtendag şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 48-nji jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edilýär.
Bu barada "Türkme gündogary" gazetinde habar berildi.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993(440) 2-09-33, 2-09-34
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!